Surat

Töwekgellik

"Hiç wagt töwekgellik etmeýän hemmeden beter töwekgellik eder." Iwan Bunin

Olar ynandylar yza çekilmek,
ýagny töwekgellik etmezlik asla,
baş basyryp ýatmak akyl, çykalga,
ýa-da oýnuň düzgünine eýermek,
alyp hemem beren bolup oýnamak,
a soň dymmak ahyrna çen,
ýylgyrmak içiňden iň kösenýäne,
bagyrýana, aglaýana, ölýäne...

Olar ynandylar yza çekilmek
ýa baş egmek baş basalap gelýäne,
öli, diri äsgermän,
a yzynda nökerleri,
çekirtge sürüsi ýaly,
gülli ýaýla dökülen,
olar umyt etdi yza çekilmek,
ýapja bolmak - çykalga,
çykalga däl baş götermek, dikelmek
hemem durjak bolmak aýak üstünde,
belki, azgyn şunuň üçin üstündi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024