Surat

Adam gara daşa içini dökdi

Adam gara daşa içini dökdi,
gyýçak-gyýçak gaýa bilen gürleşdi,
sebäp daşdan başga diňlejek ýokdy,
ýa-da diňläp, soňra gülmejek ýokdy,
bu pahyryň ýanýan zadyny diýip;
adam gara daşa içini dökdi,
hem ýeňledi azajyk,
egninden dag düşen ýaly, belki-de,
meger turup, bagyrasy gelmez kän,
ýa bolmanda birki gije
ýatmaz indi özün iýip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024