Surat

Diri pidalar

Olar Stalini sylaýar gaty,
ýogsa ýok ol bireýýäm,
çüýräp gitdi süňkleri,
heýkelleri ýykyldy,
hendeginde taryhyň
ýatan ýeri pes örän,
emma ony ýatlaýarlar,
ata ýaly mähriban,
küýseýärler gara çyndan
ýumrugyny, taýagyn,
türmelerin, belki-de,
türme ýetmeýän ýaly,
hem tutýarlar ýene bir gün
53-de tutulan ýasy,
diýmäge söz tapman dymýaň,
hemem özüň duýýaň asy.

Meger olar Staliniň
uruşda ýa tylda gyrlan,
Sibirlerde süýrelen,
(aýtmyşlaýyn Ezizow),
pidasyndan has ýaman,
has ullakan pidasy
diri pidalar, belki,
şu güne çen serdar diýip aglaýan,
ýüzüňi dalaýan, aňlatjak bolsaň,
ýok edilen, ezilenler
hamala diňe seňki...

Eger watan ölmek üçin gerekse,
açlyk üçin, horluk üçin,
ejir üçin, sütem üçin gerekse,
gurdy ol är, walla, şeýle watany,
zähmet çekdi, kelle döwüp işledi;
depelenmek üçin, ýeňilmek üçin,
ar-namyssyz, mertbesiz,
belki, zibil bolmak üçin
gerek bolsa bu watan,
gurdy ol är şeýle ýurdy,
belki, ýokdan döretdi,
gulaklyny ker etdi,
gözlüleri kör etdi,
kelleliniň aldy kellesin goýman,
bolýan bolsa size, walla bu oýun,
indi gaýdyp zat diýmäýin,
ýöne maňa goşul diýmäň,
diňe özüňiz oýnaň!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024