Surat

Adam we kürsi

Adam kürsüsini görkezdi gülüp,
tokaýa çagyryp, şäher daşynda.
Öwdi: "Ýel-ýagyşa per bermän otyr,
ýogsa nije gar, gyş geçdi başyndan,
iň esasy - dost-duşmandan uzakda,
aljak ýa agdarjak bolmazlar görüp,
göripligem etmezler,
agasynyň arkasyndan,
ýa-da karam aldy diýip,
sebäp haram pully däl,
ýatmaly işlemän iýip,
ýa ýanynda gözi gyzyl,
göwni bölek gelin ýok,
çaý demleýän çapalap,
hem esasy işinden soň
hökman gaýdýan hapalap..."

Adam kürsüsini görkezdi gülüp,
diýdi: "Kürsi asyrynda
kürsüsiz bolmak aýyp,
ölmek aýyp kürsüsiz,
senem kösenip ýörme,
saýla gowsy bir bagy,
kesip berýäs kürsi biz!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024