Olary öldürdiler
Agam Annamyrat Annagurban 23 ýaşynda, belarus topragynda wepat boldy. Ol, soňky maglumatlara görä, 1941-45-de gyrlan 42 million sowet adamsynyň diňe biri.
Olary taladylar,
aç-ýalaňaç goýdular,
ne mal galdy, ne mülki,
gorkuzdylar öler ýaly,
üstesine aldadylar:
"Kolhoz maly kimiňki?
Kim işlese - şonuňky!"
Olary aldadylar,
olary taladylar,
ne ýeri bar, ne hukugy,
işlemeli diňe durman,
gulak asyp aýdylana,
bor-bolgusyz hyýal gurman.
Olary aldadylar,
hem gyrdylar bir ýanyndan,
"arassalap" ýurdy soňsuz,
"saplap" ili içalydan, dönükden,
emma dönük iň ýokarda otyrdy,
hem sürýärdi maşynyny döwletiň
üstünden düzüwiň, merdiň.
Olary aldadylar,
soň sürdüler ok astyna,
ýagyş ýaly ýagdyrylýan,
"iň edermen sen" diýip,
ne ädik bar aýagynda,
ne-de azyk-suwlugy,
ne ok-ýarag ýeterlik,
a duşmany güýçlüdi,
düýnki "dogan" diýilen,
"dost" diýilen, düşünmek kyn,
serdar neden beýle samsyk,
beýle nadan bolup bilýär?
Neden beýle güýçli millet
aýdyp bolmaz ýaly ölýär?
Olary aldadylar,
olary taladylar,
uruş açdy hakykaty,
emma ony görmäge
ne mejal, ne hal bardy,
üstesine senzura
hemem döwlet maşyny,
rolunda nadan serdar,
kakmaga hem basmaga,
öldürmäge taýyn durdy.
Olary aldadylar,
olary taladylar,
ýalan bilen ýatyrdylar,
turuzdylar ýalan bilen,
hemem ömür amanat,
emmaki begenmeli
berilse iki ýüz manat...
Olary öldürdiler!