Surat

Diýilýän zatlar

Diýýärler, diýilýän zat kän,
aýdylýan zat kän örän,
etmek mümkin däl baryn,
ýaryn, ondan birini.
Aýdaly, ylgama barmaly ýere
eger gelip bilseň ýöräp.

Maslahat berýärler: gorkma hiç haçan
ret edilmekden, urulmakdan ýa
depilmekden ýüzüňe,
burnuň ganar, dogrusy,
emmaki esasy zat -
gypjyn-gypjyn bolmajak bol,
urulmakaň ýykylma hem
atylmakaň ölmejek bol,
ýa Pyragyň aýdyşy deý,
har bolma gulagna urlan,
bular dilde aňsat diňe,
emma adam boljak bolsaň,
kynçylykdan gaçmaly däl,
hem diňe gitmeli öňe...

Diýýärler, diýilýän zat kän,
aýdylýan zat kän örän,
etmek mümkin däl baryn.
Emma birin etjek bolmaly, meger,
ylgajak bolmaly durman,
bilýän bolsaň eger ýöräp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019