Surat

Adamyň käýinji

Adam gaty gaharlandy,
käýindi:
"Goşulma olaryň içki işine,
sebäp olar biri-birin
senden-menden gowy bilýär,
gowy biýär baran ýerin
hemem edýän işini,
gowşak ýerin gowy bilýär,
gowy bilýär güýçli ýerin,
ýa nirede dirilýänin, ölýänin;
goşulma olaryň içki işine,
sebäbi daşyndan synlap,
bilip bolmaz içdäkiniň bilýänin,
goý gowusy özlerine,
gerek bolsa görerler
sistemanyň ýalňyşyn,
ýa ýalňyşyn özleriniň,
sistemany döreden,
belki, häzir gerek däl bu,
goşulma olaryň içki işine,
bir-biregi götersinler, ursunlar,
oglan bolma, birleşdirme garşyňa
bir-birini gemirýäni, iýýäni,
goşulma olaryň içki işine?!."

Adam gaty gaharlandy,
käýindi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019