Surat

Düýpli kemçilik

Olar muňa okap ýa-da okaman,
emma hökman diplom alyp gelýärler...

Göni däl, elbetde, ýoly bu ýeriň,
aýlanyp gelmeli, öwrüm hem kötel,
käte aşak inip, kä galyp beýge,
dymmaly ýerinde bolmaly balyk,
ýylgyrmaly ýerde gülmeli göýä
owaldan ahyra ýalkan deý halyk;
gürlemeli ýerde diýmeli sözi
hemem diýmesizi bilmeli gowy,
emma müşgül aman galmak barybir,
öňe gidip, yza galyp,
müşgül kemçiliksiz bolmak,
düýpli ýa-da gysga wagt içinde
düzetmeli aýdylanda,
belki, işden gaýdylanda...

Iň uly ýalňyşlyk işiňde, belki,
aýdylýana, diýilýäne ýokardan
göni düşünmekdir siňe serertseň,
ene dili, gör, nähili özgerdi?
Kim boljak-geljegi öňünden, ilki,
kim ortada, kim soňundan, giç gördi.

Olar muňa okap ýa-da okaman,
ýöne hökman diplom alyp gelýärler,
hemem aman, yzda galýan naçara,
türmede ýa türmä ýetmän,
işde düýpli kemçilikden ölýärler.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019