Surat

58-den haýyş

58, şükür, emekdekläp ýa
dyzanaklap gelmedim,
ýykyldym hem dikeldim,
dik durup, ýöräp geldim,
tank, tüpeňli oglanlar,
ýa-da heniz tanky ýok,
häzirlikçe liberal,
gör, nämeler etmedi,
ýa-da nämä gitmedi,
özlerini ýok edip,
şükürler edýän, taňrym,
türme-töhmetden geçip,
kem-kemden döräp geldim,
çüwdürimler çüwdürende üstüme,
öçüp gitmedim jyzyrdap,
köräp geldim gün-günden,
daş bolmadym daşa gidip,
sowamadym ilimden,
hem onuň derdin diýen
her söze eräp geldim,
az görme şuny menden.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024