Surat

Adam oýny

At bilenem oýnap bolar adamy,
it bilenem oýnap bolar adamy,
et ýa balyk, gök-miwe,
ysmanagam ýeterlik,
ýa kişmişli çaý berip,
süýt bilenem oýnap bolar adamy,
suw berseňem, başy gök direjek kän,
diňe ýylgyr, ýeterlik kä,
ýöne arak, şerap bilen oýnasaň,
pul ýa-da mal, şöhrat bilen,
at bilen oýnasaň gülki,
iň täsini adam bilen oýnamak,
aýal bilen, erkek bilen, parhy ýok,
sebäbi oýunmyş dünýe durşuna,
onda ýa-da munda, birniň oýnunda
oýnamasaň, oýnalmasaň, belki-de,
bu dünýäniň gyzygy ýok, nyrhy ýok ,
manysy ýok bir köpük,
diýmek oýnuň bir bölegi bolmaly,
ýa ýüp bökýän, ýa ýüp tutýan,
ýa ýüp çekýän ýokardan,
iň bolmanda el çarpýanlaň
arasynda durmaly,
düzlülmeli janly diwar,
ýa baýdajyk galgadylýan hatarda,
geldiňmi, gitmejek bolmaly biraz,
bu köpleriň pelsepesi,
daşyna çykarsyn, çykarmasyn ýa,
adamlary okamagy öwrenseň,
geplesin ýa geplemesin hiç ýerde,
gulagyňa geler durar iç sesi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019