Gahar etmek gerek däl
"Beýnidäki diwar" depderinden
Gahar etmek gerek däl,
gynanmajak bolmaly,
sebäbi bu durmuş hemem adamlar
bir-birege garşy nämeler diýmez,
etmez nämeler,
haýsy birne agyrjak ýa aglajak,
düşünmek gerek diňe,
her kime özi möhüm,
öz çagasy, öz eýwany, işigi,
at möhüm adama, abyraý möhüm,
şöhrat möhüm, göter-göter,
uly hemem nertbeli boljak ol,
halal ýa-da depmehalal,
parhy ýok ol ony, gör, nädip alsyn,
başga birni garalap ýa
arkasyndan pyçaklap,
ýetimiň, naçaryň hakyny iýip,
din-iman ýa hudaý häkibir oýun,
dilujyndan oýnalýan;
gahar etmek gerek däl,
gynanmajak bolmaly,
sebäbi bu durmuş, kada-kanunsyz,
gelşi şeýle ozaldan,
sen ony üýtgedip ýa-da adamy
adam edip bilmersiň,
hemem özüň adam bolman geçersiň,
ýöne gowy ýeri - geçeniňden soň,
ýene gaýdyp bu jahana gelmersiň.