Surat

O bizi toýdan aýyrdy

"Beýnidäki diwar" depderinden

O bizi toýdan aýyrdy,
ýasdan aýyrdy, zalym.
Il derine ýaramak däl,
enemizden, atamyzdan aýyrdy,
agyr günde ýanyna
baryp, durup bilmedik,
ellerini alyp ele,
diýip bilmedik soňky,
emma zerur sözleri,
hoşlaşyp bilmedik hemem
dertli galdyk soňuna çen...
Ol bizi toýdan aýyrdy,
ýasdan aýyrdy, zalym.
Dag saldy il bilen ara,
deňiz saldy geçip bolmaz,
diwar gurup boşlukdan,
altyn dökdi ýagtylygyň,
nuruň ýolun ýapmaga,
bendesine däl diňe,
alla garşy gurdy jeň,
emma bizi il derdinden,
hasratyndan aýyrmady,
aglap ýatdyk her agşam,
aglap oýandyk daňdan,
barmy diýip alla-hudaý,
ýa ýaradan boş gepmi,
ertekimi diňe ýa?
Eger şeýle bolmasa,
hak söz neden depelenýä,
ýa ezýärler milleti?
O bizi toýdan aýyrdy,
ýasdan aýyrdy, zalym.
Megerem subut etmek:
"Hak ýok, hudaý ýok!" - neti!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024