Ölüm habarlary
Ölüm habarlary, alla,
kimiňki bolanda näme,
bir adamyň jan bermegin,
üzülmegin aňladýar,
gitmegin aňladýar geleniň bir gün,
dosty-ýardan aýrylyp,
gaýdyp bir gün görmejegin,
gelmejegin salama,
ýa baryp yzyndan ýakynda, daşda
görüp bolmajagyn aňladýar ony;
ol birlerin ýere sokýar ölmänkä,
ýakyny, ezizi bolsa,
müýnli saýyp özüni,
eden hyzmatyny az görüp, belki,
ýa bir göwne degen ýerin,
ýa-da tama ödemedik ýerlerin
ýatlap öz-özüni gemirýär adam,
emma ölüm habarlary
hemişe sapak däl, nadan
ony garbap alyp ulanjak bolýar,
münjek bolýar döwletiň
gulluk maşyny ýaly,
aýaman dagda, düzde,
täze bolsa tekerlerin goparyp,
çalyşyp öz köne tekeri bilen,
ölüm habarlary, alla,
ölüm habary däl hemmä,
diňe adam bolsaň elem!