Surat

Garaşmak gylygy

"Beýnidäki diwar" depderinden

Garaşmak olaryň milli gylygy,
hem hudaýa, alla ýüklemek ýükün
götermäge ýaltanan,
sebäbi pikir etmegi,
derňemegi özlerin
gowy görmeýärler kän,
oňa derek özgeler,
ýa-da ýüz onunjy zatlar hakynda
bilermen dek akyl satýarlar uzak,
kanagat olaryň milli gylygy,
sabyr-takatlary özlerne duzak.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019