Köpçüligiň saýlany
"Beýnidäki diwar" depderinden
Men diýen adamlar türmede galdy,
diri, öli – bellisi ýok.
Ne dogany, ogul-gyzy, aýaly
baryp bildi, görüp bildi, sorap bildi halyny,
dymdy dostlar, arkadaşlar, ildeşler,
dag edinen arkasyna olary,
azat wagty, azgyn wagty käsiniň,
biri diýdi has erbet, beter bolmasyn diýsem,
aýtsam eger içdäkini,
beýlekiniň ýüzi ýok, ynamy ýok aklyga,
ne döwletde, ne özünde, ne türmede galanda,
emma ilçilik ýene, birniň ogly, birniň gyzy,
ýene birniň aýaly,
dişin gysa-gysa ahyr
bir gün galdyrdy başyn,
bukulyp ýatanlar garaşdy susup:
“Nirä bararka soňy?
Hernä bizden sowa geçsin...”
Emma beýle bolmady,
baş galdyran basyldy,
galdyrmadyk has beter,
dowam etdi türme, terror,
soňy gelmän ýyllap, aýlap,
sebäbi köpçülik agzybir bolup,
ezilmegi aldy saýlap.