Ret edilenler
"Beýnidäki diwar" depderinden
Ret edilenler, olar özlerin
haksyz bilýär turmaga,
durmaga aýak üstünde,
galdyrmaga başlaryny,
seretmäge göni öňe,
saga, sola ýa-da yza,
ýa diýmäge islän sözün,
dile gelen nämüçindir,
haksyz bilýär olar özün
barmaga islän ýerine,
görmäge islän adamyn,
gürleşmäge islän zadyn,
oňa derek gidýär olar
’git’ diýilse nirä üýşüp,
hem durýalar gazyk ýaly,
’dur’ diýilse nirde süýşüp,
sowukda ýa yssyda,
aç ýa suwsuz, parhy ýok,
gygyrýarlar gygyr diýlen sözlere,
el çarpýarlar agyrýança elleri,
a soňundan, ’gaýt’ giýilse,
gaýdýarlar öýe pyýada,
elbetde, biraz ýadaw,
emmaki dynç almak gerek,
işe ýaramaly ertir,
gerege gurban derek,
şeýdip geçýär ret edilen ömür,
ýöne siňe seretseň,
olar ret edilen däl,
ret edenler özün,
aýdyp bilmän nämüçindir
diline gelen sözün,
ret edilenler, gynanýan dogry,
emma etjek kömegiň ýok,
özi açmajaga gözün.