Ýürekdäki galam
"Beýnidäki diwar" depderinden
Meniň bir bölegim ogry-kezzaplar,
ak köýnekli, galstukly owadan,
kürsi alan ýetişip,
mamla diýdi, sessiz ili talaýan,
ylalaşdy olar bilen gep-sözsüz,
gözün ýumdy açgözlüge,
sebäp diýdi talanýanlar dymýarlar,
dymmak bolsa yrzalygy aňladýar,
eger olar alan bolsa kürsini
talardylar häzirki talaýany ýylgyryp,
diýmek, bu olara geregi, belki;
emma ikinji bölegim
garşy çykdy birinjä,
sebäbi talanýanlar,
ezilýänler ölýärdi,
gyrylýardy biruçdan,
gözlerinde armany,
hemem düşünip bilmän
bu nädip beýle boldy?
Megerem şu sorag meniň
ýüregime galam saldy.