Adam bolup galmak
"Beýnidäki diwar" depderinden
Adam bolup galmak näme?
Adam bolan bolýanlar,
ýokarda ýa aşakda,
ýa gapdalda bir ýerlerde
käte göni, käte gyýa,
diňe aşak, ýokardan däl,
çar tarapdan topulanda,
el ýetirjek bolanynda,
dil ýetirjek bolanynda,
urjak bolanda ýüzüňe,
dürtjek bolanda gözüňe,
ýa-da ýöne iň bolmanda
durjak bolanda öňüňde,
geçirmeris diýip ýoldan,
adam bolup galmak, meger,
galmak şolar ýaly bolman.