Är keseli
"Beýnidäki diwar" depderinden
Birazajyk akyllyny goldamaň,
belki, ene-atasyndan,
birazajyk arassany goldamaň,
belki-de bar imany,
birazajyk sowatlyny goldamaň,
belki okan, düşünen,
birazajyk başga pikirli bolsa,
birazajyk durjak bolsa egilmän,
ýa agtarsa başga many,
başga maksat durmuşdan,
başgarak garasa dünýä,
eliňizi ogşamasa,
ýa-da çökmese dyzyna,
üstesine gözün sowman
gözüňize seretse,
a siz bolsaňyz beýik,
galmak isleseňiz baky,
dünýäni köwüş dek geýip,
birazajyk akylla,
birazajyk arassa
ege-eger ýol bermäň,
başarsaňyz ugradyň
jähennemiň teýine,
sebäp özüne jähennem,
çagasyna jähennem,
agtygyna jähennem
isleýänleň köpüsi
şuny edýär öňden bäri,
hem özüni hasaplaýar
döwletiň däl, dünýäň äri!
Berlin, aprel, 2017.