Ol ganyny hiç diňdirip bilmedi
"Beýnidäki diwar" depderinden
Ol ganyny hiç diňdirip bilmedi,
özüniň däl, ruhunyň, elbetde.
Saran sargylary gara gan boldy,
çalşyrlan letdeler boldy bir petde.
Ahyr diýdi besdir, näziň çekjek däl,
ruhunyň gany diňdi şobada.
Şondan öň dünýesi köwşi dek dardy,
birden giňäp gitdi Ýer diýlen ada.
Pahyr, özün bilip, başyny sypap,
ruhuny özi igleden eken.
Adam aglak bolsa, pil bolar peşe,
tersine bolanda gazyk bor tiken...
Berlin, aprel, 2017.