Olar kanun goraýarlar
"Beýnidäki diwar" depderinden
Olar kanun goraýarlar,
emmaki ony bozýan,
nämüçindir, azalmaýar,
ýöne bu bir mesele däl,
problema däl asla,
belki, gowy biznes üçin,
sebäp kanun köp bozulsa
düşewünt-de köpelýär,
ýaşap bolýar adam ýaly,
kiçi jaýdan ula göçüp.
Olar kanun goraýarlar,
dogry, güýçlä garap bolmaýar göni,
basýarlar milletiň ejiz, egsigin,
kanun bozsa, dagy näme edip bor?
Geçdi iliň üçden biri türmeden,
esasy zat saklanmaly sistema,
aýallary çümüp galdy altyna,
çagalary okaýarlar,
gorar ýaly erteki gün ýetişip,
sorajakdan neden, näme?
Berlin, aprel, 2017.