Surat

Ýene bir otuz ýyl

"Beýnidäki diwar" depderinden

Ýetmiş ýyl açlygy az gördi olar,
ýene-de bir otuz ýyly goşdular.
Ýetmiş ýyl ýalany az gördi olar,
ýene-de bir otuz ýyly goşdular.
Az gördi ýetmiş ýyl talaňy olar,
talamany iň ozaly özlerin,
a soň çagalaryň ömrün, geljegin,
pikir etmän namardyň
bir däl, iki öljegin.
Ýetmiş ýyl ölümi az gördi olar,
ýene bir otuz ýyl öleli diýip,
şondan türmä basýarlar
baş göterse bir-de-ýarym,
ýa-da baş göterjek bolsa,
pikir etse iň bolman,
ölümi däl, ömri söýüp...

Berlin, 12.04.17.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024