Surat

Tapawut we parh

Iller, gör-ä, it-pişigi,
özüniňki, özgäňki,
aç möjegi ýa keýigi,
ýaralanan dagda, düzde,
halas eder ýetişip,
oda urar ýaýdanman,
ýetim galan aýylary ulaldar,
gyşda, garda aç guşlara iým berer,
ýyly maşynyndan düşüp,
a biz ilden-günden däl,
hatda dogan-gardaşdan,
uýalardan daş durarys
agyr günde, gaflatda,
çünki olar diňlemezler,
gorkarlar öňküden beter,
düşünmezler diňleseler,
ýa düşünip, diýilenin etmezler,
gaýgy edip yzyny -
ýagşy näme, ýaman näme bilmegiň,
meger şunda tapawudy illeriň,
hemem parhy galmak bilen ölmegiň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019