“Etýärlere” jan çekseň
enedilim.comçy Nazara
Sen saýt döret, dilçileriň il diýen
sözlügini getirip goý öňüne,
kakaň bilen ýaşytdaş,
“Kitap ýok-da, öwrenjek-le bolmasa” -
diýer ýaly etme internet barka,
emmaki millete, sowadyn çykan,
“etýär” bilen “edýäriň”
tapawudyn düşündirip bilmersiň,
gülüp bilersiň kakaňa,
“bolar ýaly däl” diýse,
zeýrense ýa öýkelese halkyndan,
hem kyn düşse oňa her gün galkynma,
a soňra dikelip durmak
soňy gelmez darkaşda,
aňyň darkaşynda, elbet,
awtomat däl, gylyç däl,
galam bilen durmaly,
türme, töhmet garşysynda,
emma çaga on ýyl okap,
a soň ene-atasy
dollar düşäp ýoluna,
ýa sygyr, düýesin satyp,
nirelerde okatsyn,
diplom alsyn owadan,
sen oňa, jan oglum, hernäçe kösen,
“gitýär” bilen “gidýäriň”
haýsy dogry, bildirip,
düşündirip bilmersiň,
sebäp olar senden, menden
akyllydyr, köp bilýändir,
güldürip bilersiň üstüňden, dogry,
“etýärlere, gitýärlere” jan çekseň,
öz ömrüňe borsyň ogry,
soň kakaňa gülmersiň.