• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Kim eşekli, kimse atly

Kim paýu-pyýada, aýagyn süýräp,
hyzmatyna barar şeriň,
kim eşekli, kimse atly,
hemem her kim eşegin ýa atyny
daýaw etjek öňküsinden,
ýagny gowy ýaşajakdyr,
aman galjakdyr bolman,
başgalary tutup-siltäp,
ýok edende kgb,
şondan adam dymar dymmasyz ýerde,
oň işi däl, hamala,
ýa-da "hawa" diýer "ýoguň" deregne,
has beteri, garşy çykmaga derek,
ýaz bolup açylar, güler,
elin çarpar ýalana,
biz hemmämiz bilýäris-ä bu zatlar
nähili edilýär, nähili boldy?
Emma bilmedik bolýas,
sebäp şonda aýnada
öz ýüzümiz görmek aňsat,
hem seretmek aňsat çagajyklaryň
gözlerine bigünä,
batgalyga getirilen,
şeýde-şeýde ýok edýäs biz ilimiz,
dilde arşa göterilen.

  • 02.04.2017
  • Goşgular
Bölüme soňky girizilenler
Uly sorag 20.02.2019
Beýik ýazyjylar 19.02.2019
Özüme pent 19.02.2019
Baky türme 18.02.2019
Millet ejizlände 18.02.2019
Biznesmen we bozgak 18.02.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019