Zor adamlar

Zor adamlar zor bolýar,
zor duranda arkasynda,
tanky hem türmesi bilen,
olar tanksyz, türmesiziň
urýar eli bilen ýüzne,
depýär kellesine hatda,
kimdigin görkezip gözne;
zor adamlar zor bolýar,
sebäbi kanun özleri,
kada özleri olaryň,
zor däl bolsaň,
kime näme diýmeli,
ýa-da diňe ýylgyrmaly,
baş atmaly nirelerde,
örän gowy bilersiň,
sebäbi bilmeseň urlup, ýenjilip,
örän zoruň taýagyndan ölersiň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019