Şu gün we ertir
Meniň ejem ölüp biler,
ýüregini tutup bir gün,
çünki ogly gaçgak, giden;
meniň kakam öldüriler ölmänkä,
döwlet terrory astynda,
kgb kowup işinden...
Men alysda ölüp,
dirilip her gün,
bu dünýede dowzahy
görüp, bilip ýaşaryn,
sen begenip bilersiň,
at çapyp bilersiň ata-babamyň
ýurdun gorap gan döken,
başyn goýan ýaýlasynda,
a men bahyl ýa betpäl,
emma bilýäs ikimizem,
şu gün senlik bolsa-da,
ertir, taryh senlik däl!