Isleg we reallyk

Adam üýşüp, aňly adam,
gapyrjaga girermi?
Tabyda girermi adam,
dirilikde, ölmezden öň,
birleri isleýär diýip,
dirileri diri sanman,
tabyt ýasap darajyk,
galan-gaçan agaçlardan,
ýonulmadyk ýaltanman?

Ýeri, diýilende näme,
aýdylanda näme watan,
ýurtsöýerlik şu ýerden,
şu tabytdan başlanýar?

Adam, walla, aňly adam,
gapyrjaga girermi,
nobata durup, üýşüp,
gör, nije ýyl isleýärin oýanmak,
diýip çyn däl, şükür, düýşüm!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019