Adam neden beýle bolýar?
"Magtymguly, kim bar ölmez..." Pyragy
Bu diýýäniň dogry, şahyr,
bizem şindi eşitmedik
ölmän galan bar diýip,
emmaki mesele - kim bolsa bolsun,
günleriň birinde öljegin bilýän,
doljagyny bilýän agzynyň gumdan,
adam neden beýle bolýar?
Neden oňa ýeterlik däl ýaşamak
adam ýaly adaty,
tersine, adam däl ýaly,
ölmejek ýaly asla,
galjak ýaly bakyýa,
bolgusyz erteki toslap,
ynandyryp özüni,
daşamak we daşamak,
tapan-tupanyny ogurlap, alyp,
kowalaşmak gerek ada, şöhrada,
adam neden beýle gözden düşýär, hak,
ýaradan bar bolsa, getirip dada?