Şükür goşgusy
Şükürler edýärin, hudaý,
açgözleri görüp, doýmajak asla,
aldygyça aç galýan,
galdygyça ýokaryk,
tohumy, tiji bilen
pese gaçýan, gysgalýan
näkesleriň obasyna,
şäherine itmediň,
boýum uzyn däl, emma
kalby kelte etmediň!
Şükürler edýärin, alla,
gör, kim-kimse bolan bolup,
özi bolup bilmeýän,
ýaşyryp hakyky ýüzün,
çünki görer ýaly däl,
içi kitüwden doly,
emma owadanlap soňsuz
ömür ynanmaýan sözün,
hem gynanýan başganyň
aýdýan sözüne çyndan,
gutulmasy müşgül, belki,
içindäki arwah-jyndan,
tanalmaýan ýaly diýmese kimse,
irmän-arman ony oňa küşgürýän,
näkes bilen, şükür edýän,
düşürmediň bir oba,
eger käte nadyl bolup,
zeýrenen bolsam, toba!