Çukur gazyjylar
Olar gowy gördüler
türmebaşyň çukuryn,
iki metr çuňlukda däl,
bir jesedi gömer ýaly,
belki-de ýüz, müň metrlik,
tutuş ile niýetlenen,
şeýle gowy gördi olar
türmebaşyň çukuryn,
gazyşdylar ýaltanman,
hem ýaryşyp özara,
pillerini ýalpyldadyp,
ellerine tüýkürip,
arman-irmän gije-gündiz,
bir-birini iter ýaly,
ýeňseden ýa döşünden,
berer ýaly depesinden
çykjak bolan ýeseriň,
çagajygym galdy diýip yzymda,
ýa-da garyp ejesini görmäge
synanyşmaz ýaly içine düşen,
çuň boldukça begenip,
olar gowy gördüler
türmebaşyň çukuryn,
tä özleri düşýänçä
hiç saklanyp bilmediler,
diýip bilmediler durup,
nämüçin gazýarys munça?