Gara işiň sagboly
“Sen aga, men aga, bu inegi kim saga?” Türk nakyly
Gara işi kim etmeli?
Agyr sorag bu örän!
Kim ýuwmaly gap-gaçlaryn
iýip-içen milletiň,
ýygnamaly içerisin,
daşarysyn ýaprak basan,
güýzahyr deý üznüksiz?
Kim hakyky ogrulary
suw ýüzüne çykarmaly,
kim bermeli gaýtaryp,
ýetim-esir, naçaryň,
döwüm nanyn elinden
urlup ýa gorkuzyp alnan?
Ýa kim gelip boşatmaly milleti,
indi dogjak bäbeginden
ata çenli baýyr aşan,
enä çenli ak gyňaçly,
meýletin ýa düşünmän,
öz-özüňi aldamagyň
gara zyndanyna salnan?
Bu agyr iş, elbetde.
Ýöne biri synanmaly,
gelşi ýaly aňyrdan.
Emma beýle iş üçin
nobata duran bolmaz,
medet sorap taňrydan.
Ýöne başga bir işiň,
geň galmaly – nobaty
uzyn bolar hemişe,
zyndana salynan millet
gözenegin döwüşeni
döwmegi ediner pişe.