Surat

Halal haly

Olar haly aldy ahyr,
çözdüler bu meseläni,
on bäş ýyllap çözülmedik,
hem ýazdylar täze jaýa,
bergi heniz durşuna,
guwandylar bakyp her gün,
ýeňläp gitdi agyr sürgün,
aýralygyň howasy;
dogry, beýle uly däldi,
emma halal gazanylan,
gözýaşy däl garyp halkyň,
her çitimden damyp duran,
her göreňde etjek asy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019