Çukur gazan

Öňki çukur gazan düşmedi diýseň,
ozal ot ýakanlar bişmedi diýseň,
gülerler, dogry.
Eger-de şindiki çukur gazýanlar
gyrasynda galar diýseň,
başgalary itip aşak,
ynanýan bolsa özleri,
dowam etsin gazmagy,
ýa ýaksynlar ody uludan-uly,
uzaklardan odun daşap...

Öňki çukur gazan düşmedi diýseň,
ozal ot ýakanlar bişmedi diýseň,
gülerler, dogry,
pikir etme çalýar başganyň malyn,
bilsin ýa-da bilmesin,
öz-özün ogurlar ogry!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019