Biz ozallar

Biz ozallar şahyrlara
otnesitel serederdik,
sebäbi ýaşdyk gaty,
görjegimiz öňdedi,
bilmeýärdik türme näme,
sürgün näme hak üçin,
eşitsek-de, okasak-da
her hilije zatlary;
biz ozallar şahyrlara
otnesitel serederdik,
geçirimlidik aşa,
ulaltmak islärdik ili,
şahyrlaryn ulaldyp,
emma indi başga baha berýäris,
çünki bilýäs partiýanyň
kimi diri galdyrýanyn,
ýa dakýanyn kime medal;
biz ozallar şahyrlara
serederdik otnesitel,
emma indi beýle däl.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019