O ýaşuly, aksakallar
O ýaşuly, aksakallar
çarpanda nä elini,
ýalan söze bolar-bolmaz,
atanda nä çal başlaryn talaňa,
munuň üçin ýer ýykylmaz, gök inmez,
bäş-üç sany öý ýykylar diýmeseň,
bäş-üç sany bäbek aç öler çyrlap,
bäş-üç sany gelin sergezdan bolar,
bäş-üç sany ýigit nähak basylar,
ýene bäş-üç oglan okuwsyz galar,
işsiz galar, gör, ýene-de nijeme,
bäş-üç sany haky diýjek bolanlar,
bäş-üç sany ilim diýip dikelen,
ilki dyza, soňra aýaga galyp,
aýak üste durjak bolan on oglan,
ýa türmede, ýa-da uzak sürgünde,
her günde ýüz gezek ölüp-direlip,
ejem öldi diýip aglap,
kakam öldi diýip aglap,
dünýä gelen günün iň uly ýalňyş,
iň ullakan hata saýmasa, aman;
o ýaşuly, aksakallar
çarpanda nä elini,
ýalan söze bolar-bolmaz,
hem ikilik edende nä
dogan iline uly,
bolan bolmak üçin ýalan ýaşuly,
ýalan aksakgal ýa-da
sala salynýan adam,
hiç zat bolmaz, ynanyň,
diňe ýarym milýon türmeden geçer,
ýa neşeden gider şonça,
ýene şonça gaçar daşa,
a yzda galanlar ýaşuly bolar,
hem ezene alkyş okap gygyrar:
"Ýok, sen ölme, uzak ýaşa!"