Surat

Olar gowy oglanlardy

"Gideniň yzyndan erbet söz aýdylmaz." Türkmen pähimi

Olar gowy oglanlardy,
komsomolda ýetişen,
kompartiýa giren soňra,
okan gowy mekdeplerde,
işlän gowy işlerde,
gepi-sözi ýerlikli,
aýtmasyz zatlary bilýän,
aýtmalyny aýdýan gowy,
beýik halkyň dilinde
(basybalyjy, batyr!),
köýnek-balagy ütükli,
galstugy dogry durýan,
penjekleri arassaja,
gelejekleri gözel,
gurat münen maşynlary,
a agşamlary hezil,
a biz erbet oglanlardyk,
çagyrylýan kgb-ä,
gorkuzylýan türme bilen,
dälihana bilen ýa-da
ölüm bilen köçede,
haý-küş edip saklamaly,
düzetmeli kak-sok edip,
okamaly ýazan zadyn on bolup,
ile ýetirmezden burun,
kesmeli gödek sözlerin,
gyşyk ýa-da bir zatlara kakdyrýan,
gulaga gelmejek entek,
ýene-de bir elli ýyllap...

Olar gowy oglanlardy,
gowy partiýany goldap,
hemem onuň başyndaky
gowy başlyga düşünýän,
hem ynanýan ýüreginden,
döşleri orden-medally,
watanyny söýýän çyndan,
biziň ýaly erbetlerden,
watanyny söýmeýän kän,
goraýan milleti ýatman,
başlaryny goýup, belki,
gaçsak - yzdan gargaýan kän,
göýä bir hilegär tilki,
aç gurt ýaly uran, çapan,
il malyny ahmallykda,
söz gaýgyrman, eý, hudaý,
enemiz, atamyz goýman,
goýman garyp agalarmyz,
döwlet terrory bilen
dogan-gardaş, dosty-ýardan,
ilden elli bizar eden
örän oňat oglanlardy,
emma gowy bolmady soň,
ilki orden-medal gitdi,
soň wezipe, çinleri,
türme boldy soňky menzil,
niýetlenen bize diňe,
diňe erbet oglanlara,
olar gowy oglanlardy,
dowzah odun odun daşap,
ýakdylar uludan ýerde,
hem özleri, hem yzynda
maşgalasy ýanar ýaly,
ýanar ýaly ulus iller,
hemem ýetişdirip gitdiler gowy,
özleri dek kän oglany
(öý iş etmez göçürmän!),
saklar ýaly ýelde-tozda
dowzah odun öçürmän.

...örän oňat oglanlardy!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024