Surat

Gezekli çemçe

Olardan birisi ýokaryk cykdy,
megerem hak, hudaý elinden çekdi,
bardy ogurlanýan ýere,
ornaşdy alynýan jaýda,
döwletň malyndan, iliň rysgyndan
çilip bolýan ýerde näçe isleseň,
hasap berilmeýän ýerde,
şärigiňden başga kimsä,
olardan birisi dyrmaşdy ahyr
diňe gürlemeli ýere akylly,
baş atmaly ýere başa,
depder-galamlyja eliň,
arasynda takal okalýan ýere,
halallyk hakynda, aklyk hakynda
aşakdaky garyplara,
ýerleşdi olardan biri ýokarda,
begendi tiredeş, obadaş, goňşy,
golam ýa-da ýolda ýoldaş bolanlar,
bile okan, bile çeken horlugy,
ogurlygyň astynda,
ýalanyň astynda ýüz ýyl,
atasy, babasy bilen,
ýokardan başlanýan hemem
duzak bolýan ulus ile,
talaňdan ýanan adamlar
ynjaldylar ahyrynda,
diýdiler "gezekli çemçe",
"ýetdi ahyr susak sapy",
emma uzak gitmän ogry,
megerem hak, hudaý tutdy,
başga ogra berdi ornun,
gynandy tiredeş, obadaş, goňşy,
golam ýa-da ýolda ýoldaş bolanlar,
"Näder indi - diýip - oba-köýümiz?"
Hem diýdiler: "Adalat ýok ýokarda,
terebazlyk ýykjak biziň öýümiz!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024