Surat

Bilinýän zat

Köpler bilýär bilmedik,
düşünmedik bolsa-da,
erkinligiň bahasyn,
tölemeli muzduny,
käte diňe işiňden,
aýlygyňdan kesilip däl,
türmä gidip gelmesiz,
ýa-da ýurduňdan gaçyp,
bilýär köpler, düşünýär
urulanda ýalaňaç,
possunly gorkýar beter,
şondan erkinlik üçin,
azatlyk üçin aňsat
orta çykmaýar adam,
berýär ony goraman,
çem gelene, alana;
köpler bilýär, aňlaýar,
azatlygy bermeýärler
her ýerinden galana.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019