Netije

"Every word has consequences. Every silence, too." Jean- Paul Sartre

Olar indi bilmedim, gör, nirede ýitenler!
Emma ozal gahrymandy käbiri,
ýaşulydy hormatly, medal baryn aparyp,
polkownikdi birleri, beýlekisi general,
ýene biri häkim, başlyk,
ýene biri ministr,
beýlekisi baş jelladyň aşak ýanyna baryp,
garyp ile seredýärdi ýokardan,
salam berseň, gedem başyn
atman ýa atyp zordan.

Olar indi bilmedim, gör, nirede ýitenler!
Emma owal bir soragy bereliň,
bu türmäni - öli, diri ýok edýän,
ýary ýardan aýyrýan,
çagalary entedýän,
walla, aýdyň, kim gurdy,
kim galdyrdy onuň diwarlaryny,
kim kerpiç äberip, kim ýanna barman,
biparhlygy bilen dikeltdi ony,
kimler ylgap, üçegini ýapyşdy,
kimler gapy-penjiresin goýuşdy,
bir özüni bilip, özüni oýlap,
arsyz adam bolup, gomparyp oýnap,
ynanmadyk rolunda düýbünden,
içden bilip dursa-da kimdigini aslynda,
ýa bildirip dursa-da, tanalsa-da daşyndan,
daşdan gülüp karam oýna,
eger-eger otly tagan iner oýtmän başyndan.

Olar indi bilmedim, gör, nirede ýitenler!
Emma ol türme ozal aňda guruldy, durdy
iki aýak üstünde, muskullaryn oýnadyp,
soňra ilki birini, a soň üýşürip urdy,
çagalary, naçary, garrylary basalap,
diri jeset bolanlardan özüne tekeç gurdy,
oturar ýaly üstünde, görner ýaly uzak-daşdan,
hemem el çarparlar ýaly, sag bol aýdyp, alkyşlap.

Olar indi bilmedim, gör, nirede ýitenler!
Ýok, günäsin göterjek däl adamyň,
belki, niýetleri gowy bolandyr,
isländirler ulus ile ýagşylyk,
hem içinde özlerine, ogul bilen gyzyna,
belki, pursatyna garaşandyrlar,
amatly pursata, beýik pursata,
ulus ili birden çykarjak ata,
ýöremegi tas unudan ýüz ýyllap,
hem gorkudan galman galan dyzyna,
ýata suw deý düýşünde
akan döwrün görüp ýatan...

Olar indi bilmedim, gör, nirede ýitenler!
Gynanýaryn, elbetde,
sebäbi sag-aman gelseler yza,
aýdardylar neler boldy,
ýük nirede gyşardy,
hemem ýykyldy nädip,
çünki diri adam oýlanyp bilýär,
aýtjak bolýar hakykaty azajyk,
ýa-da ölýär şoňa öwrülip, ädip,
ynanýaryn, elbetde,
jähenneme giden ýoldaş agtarar,
emma gelen aýdar näme görenin,
bilýän, düwen kändir ýüregne çyny,
emma giç bolandyr yzyna salmak,
tussag küýzesinden boşanan jyny.

Olar indi bilmedim, gör, nirede ýitenler!
Emma olar ilki özlerini däl,
diňe başgalary gördüler onda,
hemem göz ýumdular görmedik bolup,
başga biri nähak gabra girende,
görnetin bolsa-da görünmez bela,
ozal duz iýşilen, sylanan bendä
"dek gezmeli eken, bedasyl" diýip,
çekildiler elin köýdürmän oda,
bir özleri galjak ýaly obada.

Olar indi bilmedim, gör, nirede ýitenler!
Emmaki käbiri häkimdi ozal,
hökümdaryň dürresini göterýän,
telpek diýse, kelle alyp getirýän,
generaldy, polkownikdi birleri,
wise-premýerdi, ministrdi ýa,
kaýyldylar elde gandal bolmasa,
aň-akyly gandally, aňly bolup gezmäge,
pikir etmekden gorkup,
kaýyl bolupdylar, bir özlerin däl,
ulus iliň gelejegin ezmäge.

Olar indi bilmedim, gör, nirede ýitenler!
Gynanýaryn, elbetde,
hemem görýän, gynanýan kän başga-da,
ýöne parhsyz köpräk ýaly milletde.

25.11.15.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024