Bilim
Bilim bilmeýäniň bilmekden gaýdýar,
Bilmedik bolmakdan gaýtmaýar asla.
Bilim bilmeýäniň ykrar etmekde,
Kemiň ýa ýetmeziň gizlemekde däl,
Bilip ýa bilmän;
Bilim bilmeýäniň boýun almakdan,
Özüň aldamakdan dänmekden gaýdýar,
Dürslükden gelýär,
Tersden gelmeýär.
Dogry, dürslük ýetdirmeýär her kese,
Dürs bolaly diýip dürs bolunmaýar,
Ters bolaly diýip ters bolunmaýar,
Durmuş soňy görünmeýän pelsepe,
Kimi hammal edýär, kimleri baýar...
Bilimseklik bilim bolup bilmeýär,
Köpbilmişlik köp bilmek däl, tersine.
(Nämä gerek dilegçikäň gomalmak,
Hem ýeňsäňe bukan bolmak kerseniň?)
Bilim bilmeýäniň bilmekden gaýdýar,
Gelmeýär bilýäni basmakdan aşak.
Bilim bilmedigiň biljek bolmakda,
Öwrenjek bolmakda gitmän başaşak.
Gelýän diýme, gijä galyp uçardan,
Bolmanda aslyşman ahyrky otla.
Jort atma daş köprä paýapyldakaň,
Ýa balagyň çyzgap geçýärkäň jardan...
Bilimlilikden däl bilmeýäniňi
Bilmezlik ýa ýaşyrmaklyk gep bilen,
Gürrüň bilen, bolar-bolmaz, biderek.
Bilim bilmeýäniň boýun almakda,
Ilki bilmeýäniň bilmeklik gerek!
()