Sen hudaýa ynanýardyň...
Žurnalist Muhammet Myratlynyň ruhuna bagyşlaýaryn
Sen hudaýa ynanýardyň,
namazyňy kaza goýman,
dilden düşürmän adyn,
emma hudaý saňa ynandymy, ýok,
bilmeýärin men,
bilmeýärin oňa ýetdimi dadyň,
KGB-niň türmesinde her säher,
kemsitmeden beýik bolup,
beýik bolup polkownikden tussagyň
çilimini çilip bilse begenýän,
ýok, sen diňe öz agyňy aglaman,
ýetirjekdiň haka halkyň perýadyn,
emma bilýän ol ýerdäki ýerleri,
ýagny wezipäni berýärdi nirde
hudaýsyza, imansyza, dogrusy,
hemem ezdirýärdi seni,
sen muňa synag diýýärdiň,
belki, köşeşdirip meni,
emma ol synagyň soňy gelmedi,
şeýdip ilki özüň geçdiň zyndandan,
soňra ogullarňy, gezek-gezegne,
geçirdiler türmesinden türkmeniň,
sen hudaýa ynanýardyň, gardaşym,
belki, şondan kimsä başyňy egmän,
ýa hak, hudaý diýip, sessiz bagyrdyň,
emma ol gelmedi, ýetişmedi hiç,
ýa ýetişip, öz ýanyna çagyrdy...