Surat

Şükür

Şükür, ýene ýaz geldi,
armyt gülläp işikde,
çigildemler açyldy,
sary, gyzyl, gyrmyzy,
biz her näçe ýaşyraly, gizläli,
tebigat açylanda,
jadylanan mysaly,
açýas ähli syrmyzy.

Şükür, yzda garrylaryň,
aýasynda göteren,
hem garaşan ogul-gyza,
agtyklara has beter,
biri diri, her säher
doga edýär gelsin diýip,
gülsün diýip aglanym,
a biz doga edýäs gidenler üçin,
galan üçin yzynda,
şükür, ýene ýaza çykdyk bir gyşdan,
hem garaşýas il umydy azaşman,
ýol urdurman gelsin diýip argyşdan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024