Razy bol

Razy bol adamlardan el beren,
göwünlik beren duşup,
ýa-da salam iberen,
razy bol salam berip bilmedik,
ýa beren salamyň almadyk begden,
hemem kine saklama,
agyr günde çekilen,
çekinen adamlardan,
hala ýakyn, hala ýat,
razy bol hatda agyr söz diýen,
ýüregiňi agyrdan,
agyrdan ezizileiň,
özün agyrdan begden,
razy bol özüňden,
söz ýokmajak beglere
söz zaýalap ýananňa,
ýitirneňe güýjüňi
gynanma!

Razy bol adamlardan tankytlan,
ýol görkezen kämillige
bilip ýa-da bilmezden,
gahar etme gybatyňy edene,
razy bol hatda töhmet atandan,
şükür et töhmet astynda
ölüp-ýitip gitmeseň,
ýöne gynan töhmetçi
toba näme, bilmese,
toba edip ölmese,
razy bol adamlardan el beren,
özi biler her kimiň,
agyr günde gelse ýa-da gelmese.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019