Biparhlyk

Telefonda diýdi biri: "Bolsa-da,
köp adam bar hormat bilen ýatlaýan,
sylag bilen tutýan adyň..." Ýylgyrdym.
Belki, çyny bilen aýdandyr bende,
ýa-da göwün üçin, sag bolsun, ýöne
gülmelimi, aglamaly, bilmedim.
Öz-özüni sylamaýan adamlar,
ýa hormatsyz geçmişine, geljege,
sylap bilermi özgäni?
Sorasaň ediljek kine.
Adam bolan gelýär bir gün şu ýere,
sylasynlar ýa sögsünler ýeňseden,
diýýär sessiz maňa näme?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024