Adamçylyk
Adamçylyk, käte adam
ýolda, duralgada, bazarda bilmän,
ilki duşan tanşa içini dökýär,
zeýrenýär, käýinýär birinden, belki,
adalat, hakykat ýok diýýär ýa-da,
a beýleki duýgudaşlyk bildirýär,
meger, iç döküşme adam bolana,
hemem bir-birege düşünmek kada.
Emma şeýle bolýar, amanat gürrüň
bir ýerlerden çykýar hemem dolanýar
gaty göjek bolup yzyna bir gün,
adam iç dökmesin goýýar şondan soň,
edýän ýaly özün özüne sürgün.
Emma hemme beýle edip bilmeýär,
belki-de çörekden gerekli ynam,
adam bolup galjak, ýaşajak bendä,
gerek bir-birege derdini diýmek,
hem aglaşmak agyr günde,
begenjini bölüşmek,
diýmek gülmek bilelikde wakyrdap,
adam bolan dymyp biler aý-ýyllap,
ýöne käte ýeňlemeli sakyrdap.
Adamçylyk, kim biler ki özünde
diýýän zady barmy ýa-da gutaran,
şeýle bolýar, iki adam duşuşyp,
ynsap, iman hakda gürleýär uzak,
a soň her kim öz ýoluna haýdaýar,
ýa boşanyp, ýa-da gurunyp duzak.