Kapas kamerada
Kapas kamerada ylgaýan irden.
Duran ýerimden.
Bilýän, ýuwunmaga bermezler derden,
haýa-şerim deý.
Kapas kamerada maşk edýän daňdan,
egilip-galyp.
“Glazok” açylyp-ýapylýar aňtap,
göwne basalyk
bolýan hemem hiç zat bilmeýän ýaly,
ah, duýmaýan ýaly, aňmaýan ýaly,
hem dizoçyň halyn aňlaýan ýaly,
üns beremok.
Kapas kamerada ädip edaly,
gezim edýän irden assa sedaly.
Siňňin ýagyş ýagýar şybyrdap çala,
hem bir zatlar diýýär pyşyrdap çala,
aýna düşýä daň ýyldyznyň şuglasy,
hem agaryp gelýä süýtreň daňlak,
/item daňyp goýsaň geler uwlasy,
aç bolar, hor bolar erksiz, daňlan!/
Kapas kamerada, ir ertir, agşam,
gyzdyryp, üşüdip, hesretden gagşap,
sanap güni-aýy, sagady hemem
men erkin günlemmiň jemleýän jemin.
Hem uzatjak bolýan azat ömrümi!
-- Ölme, ýaşa! -- diriligiň emri bi.
-- Ölme, göreş! -- syrgydy bi hak-hudaň.
-- Ölme, uruş! -- bergisi bi şa-gedaň.
Bergiňi ber, algyňy al, egleme
hem hiç haçan başyň egme eglene!
Kapas kamerada,
ýok munuň aýby,
eziz çagalarmy edýärin gaýgy!
Hem duran ýerimden, çykýança lütüm,
ylgaýan görgüsin görür hor itiň...