Şahyrlar hemişe bölünýär ikä

Şahyrlar hemişe bölünýär ikä,
oda ýazýanlara, dert ýazýanlara.
Odaçylar mydam birleşip, bekäp,
dişin çarhlap gezer mert ýazýanlara.

Şahyrlar hemişe bölünýär ikä,
süýregliler, “atlylar” hem atsyzlar.
“Atlylar” “adyndan” ýapyşyp, bekäp,
mydam adyn ýitirjek bor atsyzlaň.

Şahyrlar hemişe bölünýär ikä,
ýüregin ýazýana, ýüreksize hem.
Ýürekliler igläp ölerler tütäp,
ýüreksiz ýygyny mydam bolar jem.

Şahyrlar hemişe bölünýär ikä,
öz-özün jaýlana hemem ölmeze.
Öz-özün jaýlanlar birleşip, bekäp,
çagyr ýör ölmezi gitse-gelmeze...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019