Surat

Kaliforniýa depderinden

Diňe öý-içeriň, ýatýan ýeriňi,
aşhanany ýa garažy argylap,
daş işikde küýze goýup güllüje,
suwa düşüp ertir-agşam,
arassa ak köýnek geýip,
ýaşap bolmaýar tämiz,
ýaşap bolmaýar owadan,
iýen agzyňa bakyp,
saýgarmasaň iýýäniň,
diýen agzyňa bakyp,
saýgarmasaň diýýäniň,
hemem beýnä çöken göýdük gepleri,
pikirleri – ýaramajak hiç zada,
wagtal-wagtal äkidip,
zyňmasaň adamsyz ada,
argylap bilmeseň ýüregiň, beýniň,
ne ýaşap bolýar arassa,
ne uzaga çekýär oýnuň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019