Meniň jöwher gözlerimi baglamaň

Meniň jöwher gözlerimi baglamaň,
baglamaň!
Göreýin men, söýeýin men dünýäni?!
Meni munda öler diýip çaglamaň,
çaglamaň!
Bahar geler, açylaryn gül ýaly!

Meniň şirin dillerimi sogurmaň,
sogurmaň!
Gömeýinden, gömleteýden, gözünden?!
Diýerin men diýjegimi çygylman,
çygylman,
hem hiç haçan dänmen diýen sözümden!

Meň genial kelläm, egilmez başym,
gara-başym, ýalňyz başym, ýaş başym,
daga-daşa urmaň, ýarmaň, ýapyrmaň!
Türkmen dogsa, dogar meniň gardaşym,
gardaşym!
Ýitirseňiz agtararlar, taparlar!

Meniň ölmez ýüregimi öldürmäň,
öldürmäň!
Ölmez oluň, beýge galyň dözümden!
Meniň sönmez çyragymy söndürmäň,
söndürmäň!
Tümde galyp, nur agtarmaň sözümden,
sözümden...
Meniň jöwher gözlerimi baglamaň!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024